SAYAT
Ol adam öldürmeleriň, ogurlamalaryň we gorkuzyp almalaryň şaýady boldy. Bu işleri öz hünäri hökmünde jenaýatçylygy saýlanlar etdiler. Bu şaýatdan dynjak bolup, olar işi şeýle görkezýärler welin, netijede hut şadaýyň özi bu elhenç jenaýatlarda günäkär bolup galýar. Ol diňe gaçmaly bolýar, emma duşmanlar onuň yzyndan galman, Ýewropanyň alty döwletleriniň, Demirgazyk Afrikanyň we Ýakyn Gündogaryň serhetleri boýunça ony yzarlaýarlar. Ol gizlenmäge synanyşýar, emma gizlinlikde onuň üçin öň syr bilen örtülenleri aýan edip, yşyk peýda bolýar we ol hakykaty tanaýar. Kitapdaky ähli baş gahrymanlar we wakalar awtor tarapyndan oýlanyp tapylan
ÝÖNE BIR AGAÇ USSASY DÄL
Awtor Isa Mesihiň tassyklamalaryny akyl ýetiriş boýunça jikme-jik barlaýar we olaryň taryhy takyklygy hakdaky netijä gelýär. Bu kitap Isanyň yzyna eýerijilere olaryň imanlary babatdaky soraglara jogap bermeklige we Mukaddes Kitaby çyn ýürekden öwrenmek isleýän ruhy hazynalary agtarýanlara kömek eder.
DOGRY SAYLAW
Mukaddes Kitapdan alnan bu peýdaly taryhlaryň ýygyndysy 5-10 ýaşly çagalar üçin niýetlenen. Mukaddes Kitabyň gahrymanlarynyň mysallary siziň çagalaryňyza ýalandan hakykaty tapawutlandyrmaga we islendik durmuş ýagdaýlarynda dogry saýlaw etmäge kömek eder.